Türkmen düýesi. Düýe türkmeniň gadymy malydyr.


Maldarçylyk pudagynda düýäniň aýratyn orny bardyr. Düýe gadymdan bäri türkmeniň öz malydyr.

Namazgadepeden tapylan düýe süňklerinden çen tutup, alymlar Türkmenistanyň çäginde düýäniň 6 müň ýyl ozal hem bolandygyny, onuň iş maly, ulag hökmünde ulanylandygyny kesgitlediler.
Düýe malyna mahsus häsiýetler:

·Ýatkeş. Düýe maly endik eden ýolundan gije hem, gündiz hem azaşmaýar.
·Düşbi, akylly.
·Duýgur.
·Agyr ýük götermäge ukyply we çydamly bolýar.
·Uzak ýollary geçip bilýär.
·Sowuga, yssa çydamly bolýar.
·Düýe uzak wagtlap suwsuz oňup bilýär. Düýe suw ýok halatynda 10 günläp suwsuz gezip bilýär.
·Erkek düýe gazaplansa, howsala düşse agzy köpürjükläp, häsiýeti ýaramazlaşýar, sürini, meýdany taşlap gidýär ýa-da suwdan, otdan boýun towlaýar. Bu halatda düýe öz ýanyna hiç bir adamy golaýlatmaýar.
·Düýe gabanjaň we sabyrly maldyr.
·Düýe bulanyk suw içmekligi halaýar. Ol hemişe derýanyň suwuna gelende ony aýaklary bilen hereketlendirip, bulandyryp içýär.
·Düýe gün şöhlesini has gowy görýär. Şonuň üçin düýe hemişe güne tarap ýöreýär.
·Eger bir iner baş bermezek bolup, diýen etmese ony başga bir ineriň ýanynda duşaklap goýýarlar. Şeýdilse, ol iner ýumşaýar we ýuwaşaýar.

Düýe atlary

Düýe botlaýar. “Botlamak” sözi “köşeklemek” diýen manyny aňladýar. Öňki döwürlerde köşege “bota” diýipdirler.
Düýe malynyň nesli ýaş tapawudy boýunça şeýle atlandyrylýar:
·Köşek – botlandan bir ýaşaýança.
·Torum – bir ýaşansoň aýdylýar.
·Ogşuk – iki ýaşynyň içindekä aýdylýar.
·Duluç – iki ýaşyny dolduran inen düýä aýdylýar.
·Düýeler ýaşlaryna görä, ikiýaşar, üçýaşar, dörtýaşar, bäşýaşar ýaly hem atlandyrylýar.
Jyns aýratynlygyna görä:
·Arwana – ýeke örküçli adaty türkmen düýesi.
·Iner – arwana bilen bugradan bolan erkek düýe.
·Maýa – arwana bilen bugradan bolan inen düýe.
·Erek – goşa örküçli düýä türkmenler tarapyndan diýilipdir.

Düýe maly esasan ýandak, sazak, gandym ýaly ot-çöpleri halaýar.
Düýe janawar göwresindäki botasyny 12 aýlap göterýär. Inen düýe ilkinji gezek bäş ýaşynda botlaýar. Düýe botlamaga gidende bojulap ýüzüni demirgazyk-günbatara tutdurýar. Sebäbi bolsa rowaýata görä düýäniň piri Weýis babanyň mazary şol tarapda bolmaly diýlip düşündirilýär.Türkmen halkynyň aňynda düýe maly bagtyň, rysgal-döwletiň nyşany hökmünde orun alypdyr. “Düýe maly – dünýe maly” diýlen sözüň ýörgünli bolmagy hem şonuň üçin bolsa gerek.

Избранное